1 Mart 2013 Cuma

SKOLASTİKİ DÜŞÜNJE WE DİKTATOR LİDERLER


SKOLASTİKİ DÜŞÜNJE WE DİKTATOR LİDERLER

SADYK MEREDOW

Skolastiki Düşünje Näme?
Skolastiki düşünje; dar düşünje, çäklendirlen düşünje diŷmekdir. Belli bir düşünje serhediniñ daşyndady hiç bir düşünjä ŷaşama haky bermezligiñ adydyr. Wakalara ŷeke taraplaŷyn seredip, diñeje ak we gara şeklinde görmekdir. Aradaky beyleki ajaŷyp renkleri görmezliktir. Gözellikleriñ dine öz agzyndan çykmagyny isläp, özünden başga reñbe-reñ demleriñ sesini dymmaga mejbur etmekdir. Gadagançy düşünje-de diŷlip bilinäŷjek bu düşünje akymy, köplenç jahyllygyñ höküm sürŷän sebitlerinde özüne yer tapsa-da, kä wagtlar-da, ylymyñ we bilimiñ ösen künjeklerinde mesgen tutŷandygyny görmek mümkin.
               Bu düşünje haŷsy döwürde bolsa-da elmydama özüni görkezendir. Bir öŷde bir kakanyñ öz sesinden özge sesleri öçürmegi ŷa-da bir edarada bir müdiriñ öz düşünjelerinden başga bütin düşünjelere garşy gulagyny gapmagy, bir ŷurtda bir döwlet baştutanynyñ düşünjelere manysyz gadaganlar goŷmagydyr. Diñe billenen pikirleriñ diñlenmegi, beŷleki düşünjeleriñ bimany görülmeği sebäpli maslahata hem alynmazlygy skolastiki düşünjäniñ ölümsizliginiñ nyşanydyr.    

               Skolastiki düşünje iñ dury halda Orta Çagyñ Ŷewropasynda ŷüze çykŷar. Kowumlar Göçüşiniñ täsiri netijesinde Karollaryñ güŷjini ŷitirmegi we Buthananyñ bütin güŷçleri özünde jemlemegi bilen bu düşünje, ençeme asyr Ŷewropa topraklarynda höküm sürdi. Buthananyñ ŷeke erklilik düzgünlerinin bozulmazlygy üçin, halkyñ añ we bilim taydan ösmeginiñ öñi alyndy. Buthananyñ aŷdŷan her bir zadynyñ dogrydygy pikri guŷuldy adamlaryñ añyna. Bu sebäpli Buthananyñ daşyndaky bütin pikirlere gapylar ŷapyldy. Hatda çykyp biljek her hili üŷtgeşik pikirlere, adamy diriligine ŷakmak ŷaly gaty uly jazalar berildi. Dünŷäniñ tegelekdigini we güneşiñ töwereginde aŷlanŷandygyny öñe süren Galele Galeleo hem ŷanmakdan gutalmak üçin öz pikirini ŷalanlamak mejbriŷetinde galdy. Şol döwürde beŷle bir pikiriñ ŷaŷramagy elbetde mümkin däldi. Sebäbi Buthana, ŷer ŷüzüniñ tekiz bir meŷdandygyny we öküziñ şahlarynyñ üstündedigini aŷdŷardy. Galeonyñ pikiri bolsa bu pikire düŷbünden ters gelŷardi. Bolgysyz bir düşünje bolan, Skolastiki düşünje sebäpli Ŷewropa ençeme ŷyl garañkylykda galdy.   

Ŷewropa skolastiki düşünjeden ilkinji gezek Haçly Ŷörişleri döwründe Yslam Dünŷäsi bilen tanyşmagy netijesinde gutuldy. Ŷewropanyñ halky bilen Yslam jemgyŷeti Haçly Ŷörişler bilen bilelikde bir-birlerini has ŷakynda tanama mümkinçiligine eŷe boldylar. Bu tanyşma netijesinde, Ŷewropa halky, Buthananyñ aŷdŷanlarynyñ ŷalñyşdygyna göz ŷetirdi. Bu pursady Renosans bilen utgaşdyran Ŷewropalylar medeni taydan gaty ösdi. Dowamynda Refomyñ ŷüze çykmagy bilen ynsanlar Buthananyñ täsirinden doly gutyldy we azatlyklaryny yglan edip, ŷagty gelejege dogry ädim ädim ŷörediler.

            Bu düşünje akymy Yslam Medeniŷetini, wagtal-wagtal da Türkmen Jemgyŷetini gurşap alsa-da, doly ornaşan däldir. Yslam Taryhynda bir mukdar Emewiler döwründe hâkimiyet guran Skolastiki düşünje, Osmanly Türkmen Döwlatiniñ Durgunlyk döwründe-de peŷda bolupdyr. Beŷleki döwürlede bolsa bu düşünje görünmän, umuman pikirleriñ erkin we azatdygyny görmek mümkin.


Yslam döwletiniñ gurluşynyñ ilkinji ŷyllaryndan başlap, döwlet “Maslahat” esasynda dollandyryldy. Bu dessur aram-aram bozulsa-da, köplenç dowam etdi. Men-menlik, ulumsylyk, göriplik, galplyk ŷaly erbet gylyklaryñ biziñ medeniŷetimizde hiç hili ŷeri ŷokdyr. Bu sebäpli-de hemme adam deñ hasaplanŷardy we baŷlygyna, ŷaşyna, wezipesine garalmazdan hemme adamyñ pikiri uly bir edep bilen diñlendi. Döwlet maslahat(mejlis) bilen dolandyryldy. “Maslahatly biçilen don dysga bolmaz” diŷen atalarymyzyñ ymgyr manyly bu sözi, Türkmeniñ bu gözel däp-dessuryndan nyşandyr.

Giçki döwür Türkmen Taryhyna göz aŷlanymyzda-da Türkmeniñ bu gözel ahlagyny görmek mümkin. Magtymguly Pyragy, Nurberdi Han, Gowşut Han, Jüneŷit Han, Eziz Han ŷaly ençeme gerçeklerimizin we parasatly şahsyŷetlerimiziñ taŷsyz tagallalary netijesinde Türkmen topraklarynda azatlyk şemaly öwüsdi. Bu merdanalaryñ kalby elmydama erkinlik diŷip urdy. Watanynyñ erkinliği we azatlygy üçin gara başlaryny orta goŷdular. Netijede Türkmeniñ giñ sähralarynda erkin pikir we erkin ŷaşaŷyş dowam etdi. Emma gynansak da bu azatlyk uzağa gitmedi. Zalym Ruslaryñ Ata Watanymyzy basyp almagy bilen garaşsyzlygymyzy doly ŷitirdik. 20. asryñ başlarynda başlan ŷowuz diktatura, 1991-nji ŷyldan soñ has-da möwjaldy. Saparmyrat Niŷazowyñ alyp baran gaty syŷastyny, Gurbanguly Berdimuhammedow kemçiliksiz dowam etdirŷar. Bu iki şahsyŷet, Ata-babalarymyzyñ yüreklerinde ŷetişdiren azatlyk bagyny yowuz diktaturasynyñ lowurdap duran ataşynda jaŷyr-jaŷyr ŷakdylar we edilen ençeme arzuwy küle öwrüp, özleriniñ-de bir gün girjek mazarlygyna gömdiler.

Diktatorlyk Näme?      
           
            Diktatorlyk Latyn dilindäki dictatura sözünden gelip çykyp, awtokrat bir Hökimet şeklinde, dolandyryşyñ diktatör bolan ŷeke täk bir kişi tarapyndan doly ele geçirilmegine berlen atdyr. Diktator sözi, Latyn dilinde emir beren, dikta eden manylaryny hem añladŷar.

            Diktatorlyk we Skolastiki düşünjäniñ doly manysy bilen Türkmenistanda höküm sürŷändigini aŷtsak ŷalñyş bolmaz. Sebäbi gynansagam Türkmenistan doly garaşsyz däldir. Ŷurdumuzyñ dolandyryjylary Emperialist güŷçleriñ oŷunjagy, halk bolsa oŷnalŷan syŷasy oyunlardan bihabardyr. Halk döwletiñ hakyky eŷesidir, emma Türkmen halky, öz nebitiniñ, tebygy gazynyñ, zahmete köŷen elleri bilen ŷygnan ak pagtasynyñ we beŷleki maddy baŷlyklarynyñ kime, nirä, näçeden satylŷandygyny bilenok. Adamlaryñ söz, pikir we metbugat azatlygy ŷokdyr. Deputatlaryñ ählisi Mejlisde öz pikirini beyan etmekden, halkymyzyñ meselelerini orta atmakdan gorkŷarlar. Türkmenistanyñ Mejlisi we Ŷaşulular maslahaty zalym diktaturanyñ üstüni örtmek üçin ulanylŷan gurallardyr. Bu maslahatlara gelen agzalaryñ hiç hili söz haky ŷokdyr. İlatymyz iñ tebygy haklaryndan hem mahrum edildi. Konstitusiŷadaky kanunlaryñ köpsi durmuşa geçirilmeŷär. Universitetleriñ maksady ŷaş, zehinli, ahlakly, paŷhasly bir nesil ŷetişdirmekmi? Elbetde däl. Sowadyna seredilmezden dine puly üçin Universitetlere alynŷar talyplar. Talyplar çarelere gatnaşmakdan, sapaga wagt aŷryp bilenoklar.   

            Umuman bu ŷagdaŷlardan halk gaty nägile, emma hiç kim sesini çykaryp bilenok. Elbetde bu ŷagdaŷ uzağa gitmez. Her gijäniñ bir gündizi, her gyşyñ bir bahary boluşy ŷaly, bagty ŷatan Türkmen ilim-de añzakly gyşdan çykyp, öz baharyna gowuşjakdyr. Muña ŷürekden ynanŷaryn. Çünki, taryhda Türkmenler, hiçbir ejize zulum etmedi, elmydama kömege mätäç ynsanlaryñ iñ uly kömekçisi boldy, özünden kömek soranlary taşlap, öz bähbidi üçin hereket etmedi.

            Bu gün de biz kömege mätaçdiris. Bize, bizi diktatorlardan halas etjek gerçekler gerek. Bize Jygaly Beg, bize Görogly gerek. Artogrul Gazy, Jelaleddin, toğrul Begdir Alp Arslan ŷaly arslan ŷürekliler gerek. Bu gerçekler ŷene-de doguljakdyr biziñ ilde. Çünki damarlarymyzda olaryñ gany akŷar. Çünki biz, eziz watanynyny, mähriban milletini we ynsanperwer halkyny ŷürekden söŷŷäñ Türkmenlerdiris.

            İñ gysga wagtda doly Garaşsyzlygy almagymyz umydy bilen…

                                                                                               SADYK MEREDOW
                                                                                              MARY / TÜRKMENİSTAN

FETHULLAH GÜLEN WE TÜRKMENİSTAN YKBALYNA TÄSİRİ


FETHULLAH GÜLEN WE TÜRKMENİSTAN YKBALYNA TÄSİRİ


Fethullah Gülen kimdir?
            Fethullah Gülen 1941-nji ŷylyñ 27-nji Aprelinde Türkiŷäniñ Erzurum şäheriniñ, Hasankale (Pasinler) etrabynyñ Korucuk Obasynda eneden boldy. Kakasy Ramiz aga metjit ymamydy, ejesi Rafiye Hanym bolsa işlänokdy. 1945-de Gurhan okamagy öwrendi we gysga wagtyñ dowamynda Gurhany okap gutardy.  1946-njy ŷylda orta mektebe başlady emma kakasynyñ başga obada işe başlamagy sebäpli bilimine dowam edip bilmedi. Has soñky ŷyllarda daşardan giren synagy netijesinde orta bilim şahadatnamasyny(atestat) aldy. Haŷsydyr bir litseŷde ŷa-da uniwersitetde okamadyk Fethullah Güleniñ bilim derejesi orta bilim bilen çäklidir.
Fethullah Gülen Türk ŷazyjysydyr. Şol bir wagtyñ özünde wagyz-nesihat berŷän molladyr. Arapça, Parsça we Osmanly Türkmenleriniñ dilini bilŷär. Ŷazyjynyñ 50-den gowrak kitaby, üŷtgeşik ẑurnallarda çap edilen ençeme makalalary, ŷüzlerçe ses we widyo kasetalary bardyr. Türkiyedäki syŷasy gysynçlaryñ netijesinde, 1999-njy ŷylda Gülen Türkiye Respublikasyndan aŷrylmak mejburyŷetinde galdy. Şondan soñ ol, Amerikanyñ Birleşen Ştatlaryna gitdi we şu wagt Pensilwaniŷa ştadynda ŷaşaŷar.
Erzurum şäherinde belli bir möhlet metjitde ymamlyk wezipesini ŷerine ŷetiren Fethullah Gülen, soñra İzmir şäherine gitdi. Kestanepazarı we Bornowa metjitlerinde ymam boldy. Metjide gelen jemagata wagyz nesihat berŷärdi we gün-günden jemagaty artŷardy. Tarapdarlarynyñ sany artdykça güŷçlenen Fethullah Gülen öz talyplaryny Türkiŷäniñ çar tarapyna ylym we bilim maksatly ibermäge başlady. Ŷetişen ylymly, bilimli talyplary 1980-nji ŷyllardan başlap Türkiŷäniñ şäherlerinde mekdepler we kurs merkezleri açmaga başladylar. 10 ŷylyñ dowamynda müñlerçe talyp ŷetişdirdiler. Ŷetişen talyplara “şägirt” diŷilŷärdi. Litsey we Uniwersitet okuwçylary açylan “yşyk öŷlerinde” ŷa-da umumy ŷaşaŷyş jaŷlarynda ŷetişdirildiler. Bu şägirtler durmuşyñ her şahasyna gönükdirildi. Doktorlar, inẑinerler, muhallymlar, söwdegärler we ençeme kärde şahsyŷet ŷetişdirdiler. Bu grajdan herekete “Gülen Hereketi” (Gulen Movement) diyilỳär.
Türkmen-Türk Mekdepleri
1990-njy ŷyllardan soñ, hususan-da Merkezi Aziŷa Döwletleri öz garaşsyzlygyny gazanandan soñ daşary ŷurtlara açyldy bu hereket. Maksatlary bilim merkezleri açmak we ylymly, bilimli we ahlakly “altyn nesil” ŷetişdirmekdi. Türkler ilki badalar Merkezi Aziŷada, şol bir wagtyñ özünde Türkmenistanda sowuk garşylandylar. Aşgabatda döwrüň syỳasatçylary “Biz bir gyzyl baỳdagyň astyndan ỳaňy çykdyk, başga bir gyzyl baỳdagyň aşagyna girmek islemeỳäris. Eger hakykatdan da bize kömek etmek isleỳän bolsaňyz, puly bize beriň, mekdepleri biz açarys”-diỳdiler. Türkler bu teklibi kabul etmedi we Türkmen ỳaşlaryny özleriniň ỳetişdirmek isleỳändiklerini aỳtdy. Birnäçe görüşmeden soň, Saparmyrat Niỳazowyň uly goldawyny-da alan Türkler şertnamalary kabul etdirdiler.
1992-nji ỳylda welaỳat merkezlerinde we Aşgabatda Türkmen-Türk mekdepleri açyldy. 1994-nji ỳylda her welaỳatyň ikinji uly şäherinde açyldy mekdepler. Şol bir wagtyň özünde Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetdi-de açyldy. Wagtyň geçmegi bilen sanlary köpeldi bu bilim merkezleriniň. Kurs merkezleri, başlangyç mekdepler we gyz koleẑleriniň sanlary hem köpeldi ỳyllaryň dowamynda. Ỳigirmi ỳyldan gowrak möhletde müňlerçe talyp ỳetişdirdiler. Bu talyplara da “Şägirt” diỳilỳär. Ỳetişen şägirtler hem hususy hem-de döwlet ederalarynda işleỳäler we Pensilwaniỳadan gelen emirlere görä hereket edỳärler.
Dogrusyny dogry aỳtmak gerekdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ỳyllarynda Türkmen halky gaty köp kynçylyklar çekdi. Hususan da bidüzgünçilik we açlık peỳda boldy. Zawoddyr fabrikleriň köpsi ỳapyldy. Watanymyz ukyply we watansöyer ỳaşlara mätaçdi. Şol ỳyllarda Türkler bize dostluk elini uzatdy. Bize maddy we ruhy taỳdan kömek etdiler. Türkmenistanyň galkynmagy we bu günlere ỳetmegi üçin uly ỳardam bedriler.
Türkmen-Türk Mekdepleri Näme Sebäpli Ỳapyldy?
Hemmämiziň bilişi ỳaly iki ỳyl mundan öň Berdimuhammedowyň taglymaty bilen Türkmen-Türk Mekdepleri ỳapyldy. Bu mekdepleriň binalary döwletiň hasabyna geçirildi we bilim sistemasy doly millileşdirildi. Ỳeri, bu mekdepler Türkmenistanyň gelejegi üçin paỳdaly mekdepler bolsa, näme üçin ỳapyldy? Ỳa-da peỳdaly görnüp, watanymyza zyỳan bermek we Türkmenleri öz peỳdalaryna ulanmak isledimi Türkler? Belki-de Türkmenistany aỳdyňlatmasyn diỳip garaňky güỳçleriň eli bilen ỳapyldy bilim ojaklary.
Meseläniň asyl sebäbini bilemok welin, käbir Türk we Pars habar serişdelerine görä  Fethullah Gülen Türkmenistanyň ähli edaralaryna adam ỳerleşdirip Türkmenistany ele geçirmek isledi we Türkmen-Türk mekdeplerinde Amerika üçin agent ỳetişdirdi. Bu sebäpli mekdepler ỳapyldy we Türkler ỳurttan çykaryldy.
Türkmenistanyň Ykbaly Fethullah Güleniň Elinde
         Türkmen-Türk Mekdeplerine okuwçylar synaglar netijesinde alynỳardy. Esasan-da aỳratyn zehinli çagalary saỳlap alan Türkleriň elinde belki-de Türkmenistanyň iň zehinli çagalary ỳetişdi. Türkler Türkmen talyplaryny öz kültürlerine we medeniỳetlerine görä ỳetişdirdiler. Bu mekdeplerde okan okuwçylaryň köpsi öz ene dillerinden uzaklaşdy. Türkçe gürlemek, Türk dilinde okap ỳazmak olar üçin has aňsat hala geldi.
            Türk mugallymlary bäş ỳyl bilim beren okuwçylaryny özlerine garaşly hala getirdiler. Özleriniň aỳdanyna boỳun bolan ỳaranjaňlara goldaw berdiler we Türkmenistanyň ỳokary organlaryna ỳerleşdirdiler. Gerek bolsa uniwersitetlere para berdiler. Türklere boỳun bolmadyk Türmenleri bolsa özlerinden uzaklaşdyrdylar. Olaryň mümkin boldugyça olaryň başarnyksyz bolmagyny islediler.
            Netijede, Türk tarapdary Türkmenler aňarsy on-on bäş ỳylyň içinde Türkmenistanyň ähli edaralaryny ele geçirjekdir. Olaryň emirleri bolsa Pensilwaniỳada taỳỳarlanjakdyr. Türkmenistanyň mejlisi, Ministerler Kabineti, Harby Güỳçler, Häkimlikler we beỳleri edaralar göni Amerika garaşly boljakdyr. Belki Türkmenistan Türkmen Halky tarapyndan däl-de, Halypanyň permanyna görä dolandyryljakdyr.

Halypalyk: Ỳowuz Diktatura
         Käbirlere görä, Fethullah Gülen Halypadyr, käbirlere görä-de däldir. Özi näme pikir edỳär bilinenok welin, tarapdarlary ony Allanyň wekili ỳaly görỳär.           
            Halypalyk Näme?
            Pygamberimiz Hezreti Muhammed Pygamberiň (s.a.w) Alla tarapyndan berlen ilkinji wezipesi tebligdir. Ỳagny adamlara Hudaỳyň birdigini, ỳeke-täkdigini we Yslam dinini öwretmakdi. Wagtyň geçmegi bilen Medine şäherine göçen Pygamberimiz (s.a.w) dini liderligiň ỳanynda Döwlet Baştutanylygy wezipesini hem alỳar. Ol wezipesini hem aňry ỳany bilen ỳerine ỳetirỳar .  Yigirmi üç ỳylda inen Gurhany Kerim bilen Yslam dini doly tamamlanỳar we Pygamberimiziň (s.a.w) ilkinji wezipesi soňa erỳär. Ol iň soňky pygamberdir we Yslam dini iň soňky dindir.
            Onuň (s.a.w)  ikinji wezipesi bolan Döwlet Baştutanlygy bolsa Halypalykdyr. Halypa “wekil” diỳmekdir. Ỳagny Pygamberiň ỳerine geçen Döwlet Baştutanyna berlen ünwandyr. Halypa Allanyň wekili we dini lider däldir.
            Dört Beỳik Hylypa we Ömer Bin Abdülaziz ỳaly gowy niỳetli, päk ỳürekli halypalar gelip geçendir. Şol bir wagtyň özünde, bu wezipäni şahsy peỳdalary üçin ulanan we diktator halypalar-da gelip geçendir. Emewiler döwründe munyň mysallary kändir.
            Halypalyk Osmanly Türkmen Döwletine Ỳowuz Soltan Selim döwründe geçdi. Köp sanda Osmanly Soltany bu wezipä laỳykdy we doly ỳerine ỳetirỳärdi. Emma Osmanlynyň ỳykylma döwründe Halypalyk ỳowuz diktatura öwrüldi. Angliỳa, Fransiỳa we Germaniỳa ỳaly emperiỳalist ỳurtlar Halypany gurjak ỳaly ulandylar.
            Hindistandaky musulmanlara “İňlislere garşy gozgalaň çykarmaň”- diỳip, Hytaỳdaky musulmanlara “Germanlara boỳun boluň” diỳip permanlar çykarỳardy halypa. Türk halkyna da ençeme zyỳanly permanlar iberdi. Halk bu emirleriň Alladan gelỳändigine ynanỳardy  emma gynansagam buỳruklar Ỳewropadan gelỳärdi. 1881-nji ỳylda Soltan Abdülhamid Gökdepe Söweşine ỳeketäk esger ibermedi. Elinde oňa bagly bolan ỳüzmüňlerçe musulman esger bardy, kömek iberip bilerdi, emma gynansagam ol hem Emperỳalist ỳurtlara baglydy.
            Umuman aỳdylanda Halypa zynjyry Ỳewropada bolan bir it halyna getirildi. Demokratiỳadan uzak we dikme gurjak halyna geldi. Bu sebäpli 1924-nji ỳylda Mustafa Kemal Atatürk tarapynda Halypalyk wezipesi ỳok edildi.
Ỳeketäk Çözgüt: Milli Garaşsyzlyk Ruhy
Biz halypa diỳip Fethullah Güleniň diỳeni bilen bolsak, ondan gelen her emiri tankyt etmän kabul etsek dogry bolarmy? Belki onuň ỳüpi hem Amerika tarapyndan çekilỳändir.
Türkmenistanyň Häkimiỳeti diňe Türkmen Halkynyň elinde bolmalydyr. Häkimiỳet belli bir şahsyỳete ỳa-da belli bir topara berilmez. Bu demokratiỳa tersdir. Biz ne Rusỳa, ne Amerrika ne-de Türkiỳä garaşly bolmaly. Biz öz watanymyzy özümiz dolandyrmaly, doly garaşsyzlygy ele geçirmelidiris. Syỳasy, ykdysady we medeni taỳdan garaşsyz bolmalydyrys. Özimiziň milli mekdeplerimiz, milli senagatymyz, milli ykdysadyỳetimiz, milli kültürümüz we milli medeniỳetimiz bolmalydyr. Munyň üçin her bir Türkmeniň egnine uly wezipe düşỳär. Halkymyz “Doly Garaşsyzlyk” pelsepesi bilen hereket etse Türkmenistanda çözülmejek hiç bir mesele galmaz.
İň gysga wagtda arzuw eden Garaşsyzlygymyza gowuşjagymyza ynanỳaryn. Çünki biziň damarlarymyzda Oguz Hanyň, Togrul Begiň, Alp Arslanyň gany akỳar. Kalbymyz elmydama garaşsyzlyk diỳip urỳar. Taryha nazar aỳlasak, gahraman Türkmen halky hiçbir milletiň gol astynda ỳaşamagy kabul etmändir. Biz hem kabul etmeris.
Allajan bize, eziz Watanymyza, mähriban Türkmen halkymyza ỳürekden we halal hyzmat etmegi nesip eỳlesin! Hudaỳym bizi gula gul bolmakdan gorasyn!      

6 Haziran 2012 Çarşamba

2002-NJİ YYLYN 25-NJİ NOYABRY


Boris Şyhmyradowyñ adyndan 2004-nji ýylda "Ruh" neşirýatynda çap edilen kitapda, az hem bolsa B.Şyhmyradowyñ hakykata gabat gelýän görkezmeleri-de ýok däl. Anyk sebäbini bilemzok, ýöne ýa ýörite gullugyñ işgärleri muña üns bermändirler, ýogsa-da tekstde käbir üstüni çyzmaly ýerleri redaktorlar geleñsizlik edip duşlaryndan gçiripdirler, garaz, kitapda noýabr wakalaryna degişli käbir möhüm maglumatlar saklanyp galypdyr. Kitabyñ käbir ýerinde Boris Şyhmyradow öz ýany bilen Aşgabada Myrat Esenowyñ hem gelendigini we ol wakalara gatnaşandygyny aýdýar! Belki-de, Boris Şyhmyrdow öz beren görkezmeleri kitap bolup çykanda, kitaby okan adamlar bu fakty duşundan geçirmezler, oña düşünerler diýen tama bilen ony ile ýetirjek bolandyr?
"МENIÑ ÖZÜM WE ÝARANLARYM – TERRORÇYLAR"
(Аşgabatda 2002-nji ýylyñ Sanjar aýynyñ 25-inde bolan terrorçylyk hakynda hakykat) Boris Şyhmyradow. 2004-nji ýyl Аşgabat, ”Ruh” neşirýaty.
Кitapdan М.Esenowyñ gatnaşan wakalaryndan bölekler. Olar B.Şyhmyradowyñ derñewe beren maglumaty esasynda getirilipdir: ”Ilkinjileriñ arasynda Nurmuhammet Orazgeldiýew, Ýazgeldi Gýndogdyýew, Batyr Berdiýew, Мyrat Esenow, Çary Annaberdiýew, Акmyrat Kabulow, Sapar Seýidow, Serdar Rahymow, Оraz Berdiýew, Аnnadurdy Аnnasahatow we beýlekiler bardy.” (Awtor öz ýolbaşçylyk eden toparyna girenleriñ atlaryny sanaýar.) (15-16 sah.)
”Мeniñ tabşyrygym boýunça H.Оrazow, N.Hanamow, S.Yklymow, G.Jumaýew, М.Esenow, B.Berdiýew, Ýa.Gündogdyýew, S.Rahymow we beýlekiler Тürkmenistan hakynda myjabatly toslamalary ýaýratmak bilen çäklenmeýärdi, eýsem ýokary wezipelerde işlemek bilen ýurduñ ykdysadyýetini içinden opurýardy we döwleti dolandyryjy edaralaryñ abraýyna şikes yetirýärdi.” (19 sah.)
”Şol üşmeleñe men öz toparymyñ agzalary bolan S.Yklymow, М.Esenow, H.Orazow, G.Jumaýew, А.Dubnow, L.Komorowskiý bilen, Аbdy Кulyýew bolsa öz desmalçylary bolan taglymçy Witaliý Ponomarýew, "Аzatlyk" radiostansiýasynyñ wekili hökmünde hereket edýän Zerif Nazar bilen gatnaşdyk.” (20-21 sah.)
”Şwesiýadaky S.Yklymow we М.Esenow meniñ jenaýatçylykly toparymyñ Skandinawiýadaky resmi wekilleri boldy. Аradan köp wagt geçmänkä men we käbir daşary ýurt hökümet däl guramalary tarapyndan ýaly ýetirilýän S.Yklymow we М.Esenow "Меrkezi Аziýa we Каwkaz" diýlen žurnalyñ neşir edilmegini gurady, şol žurnalda myjabat we öjükdiriji häsiýetli ýalan maglumatlar çap edilýçrdi.” (26 sah.)
”Şol ol žurnalda işleýän jemende hiç hili goşmaça gyzyklandyrma döretmeýär, sebäbi onda öz wagtynda meniñ, Мyrat Esenowyñ, Halmyrat Söýünowyñ, Polat Ahunowyñ, Oleg Panfiliowyñ, Arkadiý Dubnowyñ, Aleksandr Dodonowyñ, Şiraly Nurmyradowyñ we beýlekileriñ ýazan zatlary çap edilipdi.” (27 sah.)
”Biz, ýagny men, N.Hanamow, H.Orazow, S.Yklymow, G.Jumaýew, A.Kulyýew, B.Berdiýew, S.Seýidow, М.Esenow, Т.Hallyýew, Ç.Аnnaberdiýew, Ýa.Gündogdyýew, A.Kabulow we beýleki onlarça biziñ ýalylar...” (31-32 sah.)
”Şol jenaýatçy topary döredip we göz boýamak üçin "Тürkmenistanyñ halk demokratik hereketi" diýip atlandyryp, men – оny esaslandyryjy, garakçy we satlyk, kezzap, öz ýaranlarym H.Orazow, S.Yklymow, N.Hanamow, М.Esenow we Çary Annaberdiýew bilen şol topary bikanun jenaýatçy topara öwürdik.” (51 sah.)
”Öz işlerimiz bilen biz Türkmenitandaky ýagdaýyñ häkimýeti "mynasyp adamlara", ýagny maña, Orazowa, Hanamowa, Kulyýewe, Jumaýewa, Esenowa, Yklymowa we beýlekilere bermek üçin düýpli gatyşylmagyny talap edýändigini dünýä bileleşigini ynandyrdyk.”(61 sah.)
”Тürkmenistanyñ hukuk goraýjy edaralaryndan gizlenmäge maña, A.Kulyýewe, N.Hanamowa, H.Orazowa, М.Esenowa, S.Yklymowa we beýlekilere nähili kömek edendiklerini, biziñ Russiýa we Ýewropa ýurtlary boýunça Türkmenistanda häkimýeti basyp almagy göz öñünde tutýandygymyzy gizlemän, erkin hem-de nähili arkaýyn gezendigimiz hakynda gürrüñ bolar.” (63 sah.)
”N.Hanamow Wenadan masgara bolup gaýdyp gelenden soñ men bolup biljek howandarlary hem-de syýasy goldawy gözlemek wezipesini ýakyn meslekdeşim М.Esenowa tabşyrmagy karar etdim. Hut gitmegiñ barşynda özüne ynamly jenaýatçy М.Esenow Türkmenistanda ýagdaýy üýtgetmek üçin "ТHDH" häkimýeti ýaragly basyp almakdan başga mümkinçilikleri görmeýändigini ýañraýardy. М.Esenow bilen S.Yklymow Parižde bolanlarynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli zatlary gödeklik bilen ýalana çykarmagy dowam etdirip, özleriniñ jenaýatçylykly maksatlaryny amala aşyrymak üçin pikirdeşleri tapmaga bil baglady.” (64 sah.)
”Оlaryñ aýlanyp çykmagy baradaky maglumatlaryñ netijeleri boýunça men М.Esenow bilen S.Yklymow goýulan baş wezipäni ýerine ýetirmedi diýen netije çykardym. Оl ýerde ejir çeken we syýasy göreşiji hökmünde М.Esenowy hem kabul etdiler.” (65 sah.)
”Меniñ ýolbaşçylygymda jenaýatçy toparlanşygyñ pikirleniş merkezine giren N.Hanamow, E. Akkardal, H. Orazow, М. Esenow, S.Yklymow işe başladylar.”
Görşümiz ýaly, kitabyñ köp ýerlerinde şol wakalara Myrat Esenowyñ aktiw gatnaşanlygy suratlandyrylýar. Biz ol sahypalaryñ käbirlerinde durup geçeris. Kitabyñ 106-108 sahypalarynda awtor (Boris Şyhmyradow) Мyrat Esenowyñ ýanynda ýoklugyny ýatlap geçýär: ”Меn Selinnyý köçesindäki öýde meniñ ýanymda näme üçindir esasy ýaranlarym H. Orazowyñ, S.Yklymowyñ, N.Hanamowyñ, М.Esenowyñ ýokdugyna gynandym...” (106 sah.)
”Gijäñ ýarydy. (24-nji noýabr) Меniñ ukym tutmaýardy. Yklym Yklymow neşe küýseýänlere şol zährimany hödür etdi, özi bolsa hemra telefonyny alyp, Waşingtona Çary Annaberdiýew, Моskwada H.Orazow, Sapar Yklymow we Мyrat Esenow bilen gezek-gezegine söhbetdeş boldy.” (108 sah.)
Emma kitabyñ 111-nji sahypasynda bolsa ol şeýle ýazýar: ”Меn Меjlisi basyp almak boýunça öz jenaýatçylykly toparymyñ geçirmeli işlerini şunuñ ýaly guradym, ýagny Tagan Hallyýew deputat hökmünde işe barmalydy, Yklym Yklymow, Batyr Berdiýew, Мyrat Esenow we Nurmuhammet Orazgeldiýew dagy bolsa meniñ bilen bir maşynda gitmelidi.” (111 sah.)
Кitabyñ bu ýerlerinde tehniki ýalñyş giden bolmagy ahmal diýilmegi hem mümkin. Ýöne ol beýle däl. Sebäbi mаteriallar derñewde sorag edilýän adamyñ, B. Şyhmyradowyñ aýdyşy ýaly çap edilipdir. Kitabyñ başga sahypalarynda hem Myrat Esenowyñ Boris Şyhmyradowyñ ýanynda bolanlygyny tassyklaýan ýerleri bar. Emma N.Hanamowyñ H.Orazowyñ Aşgabatda boludyr diýip, kitabyñ bir ýerinde hem görkezilmeýär. Sebäbi olar şol günler Türkmenistanyñ daşyndadylar.
”Wagt ir sagat 6. 00-а golaýşapdy (25-nji noýabr). Birnäçe toparlara bölünen terrorçylar meýilnama boýunça bellenilen ýerlerde öz eýelemeli ýerlerini eýeläpdiler. Меn Yklym Yklym, Баtyr Беrdiýewi, Мyrat Esenowy we Nurmuhammet Orazgeldiýewi ýanyma alyp, awtomobilde Türkmenistanyñ Меjlisine tarap ýola düşdüm.” (Şol ýerde.)
”Şol wagtyñ özünde rasiýada Mehmet Ýylmazyñ hemmeler üçin taýýarlyk wagtynyñ ýetip gelendigini baradaky sesi ýañlandy. Bu buýrugy hemmeler: Меn, Leonid Komorowskiý, Мyrat Esenow, Bаtyr Berdiýew, Nury Orazgeldiýew, Yklym Yklymow we mejlisiñ ýanyndaky biziñ 15 sany söweşijimiz, telewideniýäniñ binasynyñ ýanyndaky 8 sany söweşijiden ybarat öz topary bilen Serdar Rahymow, Мilli howpsuzlyk ministrliginiñ we Içeri işler ministrliginiñ ýanynda Sapar Seýidow, Wekil Durdyýew we O.Berdiýew, Türkmenistanyñ Goranmak ministrliginiñ ýanynda öz adamlary bilen Akmyrat Kabulow, B.Beknazarow dagy galdy.” (115 sah.)
”Аwtomaşynda Yklym Yklymow, Nury Orazgeldiýew, Batyr Berdiýew we Мyrat Esenow batyrlyk üçin gabaraly arak çüýşesini çalt jyñkydyp boşatdylar. Men hem maşynda oturan ýerimde mahal-mahal bir bölek tirýegi agzyma atmasam, oñup bilemokdym.” (116 sah.)
”Ýanymda bolsa dişlerine çenli ýaraglanan Batyr Berdiýew, Nury Orazgeldiýew, Yklym Yklymow we Мyrat Esenow bardy, Leonid Komarowskiý bolsa harby buky lybasyndaky 15 sany söweşijileriñ arasynda durdy we olar harby gullukçylar ýaly görünýärdiler. Меn birneme köşeşdim welin, Мyrat Esenow sandyraýan sesi bilen maña çaltrak bukulmalydygyny we soñra öz bet niýetini ýene-de gaýtalamalydygyny aýtdy. Оl меgerem, has güýçli ýagdaýda terrorçylara hemaýat berijileriñ ygtyýarynda bolan agyr tehnikany we beýleki serişdeleri ulanmak bilen bu bet niýeti gaýtalamak mümkin diýip belledi.” (119-120 sah.)
Ýokardaky mysala üns bersek, оnda awtor Myrat Esenowyñ waka ýöne gatnaşman, eýsem öz pikirini hem beýan edýänligi görkezilýär. Тürkmen telewideniýesi 25-nji noýabr wakalaryna gatnaşanlary sorag edilýän wideo pursatlaryny görkezende, меni Тürkmenistanyñ Mejlisiniñ öñki başlygy Tagandurdy Hallyýewiñ beren jogaplary özüne çekdi. Меn ol pursady wideokassetada birnäçe gezek syn edip gördüm. Şonda Tagandurdy Hallyýew şeýle diýýär: "Меni şäheriñ Selinnyý köçesiniñ 2-nji geçelgesindäki öýe getirdiler. Şol ýerdäki bir jaýa giremde, otagyñ içinde Boris Şyhmyradow we onuñ ýanynda ýene iki sany adam bardy. Olaryñ biri Türkmenistanyñ öñki daşary işler ministri Batyr Berdiýew beýlekisini bolsa men tanamadym, öñ gören adamym däl".
Tagan Hallyýewiñ beren jogabyna üns berseñ, оnda ol şol jaýda Boris Şyhmyradow bilen Batyr Berdiýewiñ ýanynda Myrat Esenowy gören bolmaly. Sebäbi bu waka gatnaşan çinownikleriñ hemmesini T.Hallyýew hökman tanamaly, ol olar bilen öñ işleşen adam. Оl ýerde başga bir keseki ýat adam bolmaly däl. М.Esenowy bolsa T.Hallyýew tanamaýardy.
Bu ýerde M.Esenow Türkmenistana nähili düşüpdir diýen sorag çykýar. Bu soragyñ jogabyny jenap Hudaýberdi Orazow, Nurmuhammet Hanamow, Sapar Yklymow, Leonid Komarowskiý örän oñat bilmeli. Biziñ çakymyzy olar uzagyndan tassyklar diýen tama bar. Derñew materiallaryna görä, B.Şyhmyradow Özbegistanyñ Garşy şäherine 23-nji noýabrda gije sagat 23.00 töweregi gelýär. Оny garşylan Özbegistanyñ raýaty, Tallymerjen şäheriniñ ýaşaýjysy U.Safarow öz görkezmesinde şeýle diýýär: "Gije sagat 11-de "Wolwo" аwtomaşynyndan ak köýnekli, galstukly Boris Şyhmyradow we onuñ ýany bilen 3 sany adam düşdi".
Biziñ pikirimizçe, şol adamlaryñ biri Myrat Esenow, beýlekisi-de bulara serhede çenli ýoldaş bolan Özbegistanyñ raýaty bolmaly. Мyrat Esenow Şwesiýa korollygynyñ raýaty bolany we özüni arkaýyn duýany üçin, syýasy guramanyñ ynamyna has hem gowy girmek we oppozisiýanyñ hereketine doly gözegçilik etmek üçin, galyberse-de Boris Şyhmyradowy ähli ýoldaşlary bilen bilelikde ýörite gulluklara elin tabşyryp gaýtmak üçin Türkmenistana gaýdan bolmaly. Ýolda M.Esenow ähli gürrüñleri diktofona ýazga geçirene meñzeýär (Bu hünärden onuñ gowy başy çykýan bolmaly…). Haçan-da 25-nji noýabrda ir bilen B.Şyhmyradowyñ toparynyñ gurnan «Prezidenti ýesir almak operasiýasy» başa barmansoñ, olar Aşgabadyñ Selinnaýa köçesine ýygnanýarlar. Şol ýerde bolan waka B.Şyhmyradowyñ kitabynda şeýle berilýär: ”Öýde galan (Selinnaýa köçedäki) Batyr Berdyýew, Nurmuhammet Orazgeldiýew, Мyrat Esenow, Yklym Yklymow ýere bakyp, sortdurşyp otyrdylar. Меn olara nirede gaçybatalga tapmalydygy barada pikir etmegi buýurdym, soñra Yklym Yklymowyñ öz oýnaşy О.Prokofýewa bilen öz-özleriniñ bukulmalydygy, меniñ bolsa terrorçylar Nury Orazgeldiýew, Batyr Berdiýew, Мyrat Esenow bilen aeroportuñ sebitinde Daşary işler ministrligi boýunça özümiñ ozalky tabynlygymda bolan Rüstem Jumaýewiñ öýüne gitjekdigim barada görkezme berdim.” (125-126 sah.)
Boris Şyhmyradowyñ kitabynyñ 126-njy sahypasynda, Myrat Esenowyñ Rüstem Jumaýewyñ kwartirasyndan Batyr Berdiýew bilen bile gidenligi aýdylýar: ”Biz şol ýerde (Rüstem Jumaýewiñ kwartirasynda) dürli radiosesleri diñläp we türkmen telewideniýesine tomaşa edip, 2002-nji ýylyñ sanjar aýynyñ 25-den 26-na geçilýän gijäni geçirdik. Radiodyr telewideniýe terrorçylykly hereket barada halkdan hiç zady ýaşyrmady we esasy guraýjylaryñ atlaryny agzap geçdi. Меn has ygtybarly buky ýeri gözlemelidigine düşündim. Batyr Berdiýew we Мyrat Esenow bela-beterden sowlup geçeris diýen umyt bilen öýlerine tarap özbaşdak ýagdaýda ýola düşdüler, меn we Nury Orazgeldiýew bolsa meniñ kellekeser toparyma äşgär bolmadyk gatnaşyjy, Özbegistanyñ Türkmenistandaky Ilçisi Abduraşit Kadyrow bilen habarlaşmagy başardyk.” (126 sah.)
Şondan soñ Myrat Esenow wakadan çykyp gidýär. Biziñ pikirimizçe ol eden audio, belkem wideo ýazgylarynam ýörite gullugyñ generaly Rahman Allakow bilen duşuşyp, oña tabşyran bolmaly we onuñ bilen işläp düzen scenarileri boýunça Guwanç Jumaýewi hukuk goraýjy edaralaryna ilki tutduryp, soñra ony dönük edip görkezmeli, ähli bolup geçen wakalary-da onuñ üstüne ýüklemeli. Bu hut şeýle-de edilýär, G.Jumaýew egindeşleriniñ hem halkyñ gözüniñ öñünde dönük bolup galýar. ABŞ-yñ Türkmenistandan talap etmegi bilen Leonid Komarowskiý tussaglykdan boşadylansoñ, daşary ýurtlarda beren interwýularynyñ birinde Guwanç Jumaýew barada gowy sözleri aýtdy. Оl Guwanç Jumaýewiñ şol waka boýunça tussaglykda ýatan 70 ýaşly kakasy Rozy Jumaýew, inisi Çary Jumaýew, ogly Timur Jumaýew hakynda oñat sözleri getirip, olaryñ ykbalyna duýgudaşlyk bildirdi. Şu mysallardan hem G.Jumaýewiñ öz egindeşlerine wepaly bolup işlänligi görünýär. Noýabr wakalaryndan köp wagt geçmänkä G.Jumaýewiñ ýaşytdaş dogany Begenç Jumaýewi Aşgabatda gören adamlar oña Guwançdyr öýdüp, muny erbetlige ýoranlar hem az bolmady.
***
25-nji noýabrda Türkmen telewideniýesinde wakany gurnanlaryñ atlary sanaldy. Geñ ýeri, 25-ine irden 7 sagat 14 minutda bolan wakadan (wakanyñ wagtyny ýaşaýjylar tassyklaýar) 2 sagat 46 minut geçensoñ, Prezident köşgünde Saparmyrat Nyýazow sagat 10-da Türkmenistanyñ ministrler kabinetiniñ mejlisini geçirip, şonda bolan wakanyñ üstünden salym geçmänkä, ony gurnanlaryñ kimlerdigini, ýagny Boris Şyhmyradowyñ, Nurmuhammet Hanamowyñ, Hudaýberdi Orazowyñ, Sapar Yklymowyñ atlaryny tutdy. Bu hem bolup geçen wakanyñ ýörite gulluklar tarapyndan öñden göz astyna alnyp gelnendigini añladýar. Ýöne namüçindir president Myrat Esenowyñ adyny agzamaýar. B.Şyhmyradowyñ ýolbaşçylygynda Türkmenistandaky herekete gatnaşanlaryñ M.Esenowdan galanlarynyñ hemmesi tussag edilýär. М.Esenow ýene añsatlyk bilen Türkmenistandan çykyp, Şwesiýa korollygyna barýar. Şol wakalardan iki ýyla geçensoñ hem Aşgabat şäherine girilýän polisiýa postlarynda, söwda merkezlerinde, duralgalarda, wokzaldyr, aeroportda 2002-nji ýylyñ 25-nji noýabr wakalaryna gatnaşmakda günä bildirilýän, öñki harby ofiser B.Beknazarowyñ gözlenýänligini tassyklaýan maglumaty hem onuñ fotosuratlaryny görüp bolýardy. Emma M.Esenowyñ ýekeje-de fotosuraty ýa-da onuñ gözlenýänligi hakda maglumat ýokdy. Bu hem biziñ M.Esenow baradaky pikirimiziñ ýene-de bir subutnamasy bolup biler.
Aradan köp wagt geçensoñ, M.Esenowyñ ýörite gullukdaky hojaýyny, general Rahman Allakow öz ekdisini goramak üçin Türkmenistanyñ metbugatynda: «Türkmenistanyñ daşary işler ministrligi Şwesiýa korollygyndan Sapar Yklymowy we Myrat Esenowy Türkmenistana gaýtaryp bermegini soraýar» diýen haýyşnamany çap etdirýär. Şeýle mazmunly haýyşnama çap edilensoñ, M.Esenow azatlykda galan egindeşleriniñ öñünde ýene abraýly bolýar.
Kitabyñ 135-136-nji sahypalarynda Мyrat Esenowyñ terrorçylyga gatnaşanlar bilen bile tutulandygyny we jezasyny çekýänligi aýdylýan bolsa, yz ýany onuñ daşary ýurtlarda gezip ýörenligi habar berilýär. Bu hem geçirilen derñew işiniñ köp bölegini milli howpsuzlyk däl-de içeri işler ministrligiñ işgärleriniñ alyp baranlygy bilen baglanşyklydyr. Şol günler Saparmyrat Nyýazow esasy içeri işler ministrligine daýanýardy: ”Jezany çekýän Tagan Hallyýew, Batyr Berdiýew, Мyrat Esenow, Wekil Durdyýew, Оraz Berdiýew, Nury Orazgeldiýew, Guwanç Jumaýew, Аnnadurdy Annasähedow, Акmyrat Kabulow, Sapar Seýidow, Yklym Yklymow, Serdar Rahymow we beýleki terrorçylar, şeýle hem häzirlikçe Türkmenistanyñ çäklerinden daşarda dürli perdeleriñ arkasynda gizlenip ýören Abdy Kulyýew, Hudaýberdi Orazow, Nurmuhammet Hanamow, Çary Annaberdiýew, Sapar Yklymow, Myrat Esenow ýaly öz halkynyñ we Watanynyñ bähbitlerine dönüklik eden adamlar olaryñ göwnünden turýar…” (135-136 sah.)
Derñew prosesinde wideo düşürilen ýazgylary görkezenlerinde, Boris Şyhmyradowyñ, Batyr Berdiýewiñ, Nury Orazgeldiýewiñ, Sapar Seýidowyñ, Akmyrat Kabulowyñ, Tagan Hallyýewiñ, Serdar Rahymowyñ hemme bolup geçen iri-ownuk wakalary boýun alyp oturyşlary, her kimi geñ galdyrdy. Sebäbi ol adamlaryñ köpüsi öñ ýörite gulluklarda işlän, кöpügören, tejribeli adamlardy, olary gorkuzyp gürledäýmek añsat däldi. Olar diñe hakyky faktlardan gorkýardylar. Şol faktlary hem Myrat Esenow ýörite gulluklara artygy bilen ýazyp tabşyrypdy. Ummasyz ýygnanan materiallar bilenem ol adamlary gürledäýmek ýeñil düşmejegi bellidi. Şonuñ ücin ýörite gullugyñ wekilleri Saparmyrat Nyýazowyñ adyndan olar bilen gepleşige girişýär. Eger-de döwlet agdarlyşygyny gurnamakda elleriniñ bardygyny meýletin boýun alsalar, onda olara ölüm jezasy berilmän, 25 ýyl azatlykdan mahrum etmek çäresi garaşýar, ýöne olaryñ maşgalalary jaýlaryndan çykarylmaýar, olara degilmeýär. Bolan wakany inkär edip, döwlet agdarkyşygyny gurnamaga gatnaşyklarynyñ ýokdugyny tassyklamagy dowam etseler, onda olaryñ gatnaşan gizlin duşuşyklarynyñ audio we wideo ýazgylary telewideniýeden görkezilip, jenaýatlary bütin dünýä jar edilensoñ, olara Türkmenistanyñ halk maslahatynyñ karary esasynda atuw jezasy berilýär, çagalary-da köçä taşlanyp, horluga duçar edilýär. Elbetde, olaryñ hemmesi-de S.Nyýazowyñ birinji şertini kabul edip, öz günälerini doly boýun almaga mejbur boldular. Sebäbi olar S.Nyýazowyñ 25 ýyl wezipede oturmajagyny bilýärdiler.

4 Haziran 2012 Pazartesi

Türkmenistanda çagalaryñ we eneleriñ ölümi…


Çagalaryñ we eneleriñ ölümi…


Bu işleri etmeli adamlar-da, elbetde, birinji nobatda ýazyjy-şahyrlardy, jurnalistlerdi, döredijilik intelligensiýasynyñ wekilleridi. Döredijilik intelligensiýasynyñ bu zerur işe başlamagy üçin, elbetde, sungat adamlarynyñ, ýazyjylaryñ we jurnalistleriñ öz dar professional problemlaryna çörñeşip galman, öz güzeranlaryny halkyñ güzerany bilen deñeşdirip görmekleri gerekdi. Bu olaryñ ukybyny, güýjüni dogry ugra ugrukdyrmaga ýardam etjekdi. Sebäbi türkmen halkynyñ ýagdaýy haýsy tarapdan alanyñda-da, sungat adamlarynyñkydan, ýazyjylaryñkydan has pes, has ýaramaz, has howsalalydy.
Sebäbi agzalýan döwürde biziñ halkymyz imperiýanyñ salan agyr pagta salgydynyñ aşagynda ejir çekýärdi. Türkmenistanda ýüz müñlerçe gektar ýerler şorladylyp, awuly himikatlaryñ çakdanaşa köp ulanylmagy netijesinde ullakan giñişliklerde ýer, suw zäherlenipdi. Eger geçen asyryñ 80-nji ýyllarynda tutuş SSSR boýunça oba hojalyk meýdanlarynyñ her gektaryna ortaça 2 kg himiki dökün düşýän bolsa, onda Türkmenistanda bu görkeziji 64 kg deñdi!
Moskvanyñ agressiv pagta syýasaty zerarly gurap barýan Aral kölüniñ düýbünden göterilýän awuly tozan hem regiona öz täsirini gün-günden güýçlendirip, töweregindäki respublikalarda ýokanç infeksion keselleriñ, şol sanda gepatitiñ dürli görnüsleriniñ, inçekeseliñ giñ ýaýramagyna sebäp bolýardy.
Türkmenistanda iýmit, aýratynam et we süýt, gök önümleriñ ýetmezçiligi ýiti duýulýardy. Oba ýerlerinde ýaşaýan enelerde we çagalarda uçdantutma anemiýa, ýagny azganlylyk keseli bardy. Azganlylyk – ysgynsyzlyga, ol hem öz gezeginde çagalaryñ we eneleriñ ýokanç keselleriñ öñünde durumsyzlygyna getirýärdi. Geçen asyryñ ahyrky çärýeginde çagalaryñ we eneleriñ ölümi boýunça Türkmenistan bütin SSSR-de iñ hasratly orundady. Ol döwürde bizde bäbekleriñ ölümi 70-80 promillä deñdi. Bu bolsa eneden doglan her müñ bäbegiñ 70-80-niñ entek bir ýaşyny doldurmanka ölüp gidýär diýildigidi. Türkmenistanyñ demirgazygynda, Aral kölüne golaý ýerleşýän Daşhowuz welaýatynyñ ýagdaý has hem erbetdi. Daşhowzuñ käbir etraplarynda doglan her on bäbekden biri ýaşyna ýetmänkä ölýärdi. Bu görkeziji Afrikanyñ iñ garyp ýurtlaryndaky bilen gabat gelýärdi.
Emma türkmen ýazyjylary bu problemalardan daşdadylar, olar diñe öz şahsy aladalary bilen ýaşaýardylar. Ýazyjylary özara oñuşdyrmak üçin ilki bilen olaryñ ünsüni halkyñ agyr ýagdaýyna çekmek gerekdi.
Türkmen edebiýatynda soñky onýyllyklarda ýitileşen düýpli problemalary çözmek üçin hem şol döwürde ýeterlik mümkinçilik bardy. Ýöne bu problemalary paýhasly, akylly-başly çözmek üçin il-günüñ bähbidini özüñkiden ileri tutmalydy, halkyñ agysyny aglamagy öwrenmelidi. Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyñ köpçüliginde tüýs jaý wagtynda, gynansak-da, hut şu düşünje kemterlik etdi.

                                                                             Ak welsapar